Elimden Tut

Annageldi Charyyev

Söýgiden ýananlar söýgi kör eken diýdiler
Ýöne olar seň ýylgyrşyňy görmediler
Bu aralyk bermedi maňa seni görmäge
Maňa birje mähriň ýeter seni duýmaga
Men seni haladym saňa men jadylandym
Ömrüme bagladyň ara döwülen zynjyryň
Her günki maňa gelýän ýazgylar
Meniň ýüregimde bellener
Ýene ukysyz gije sagadam çene bardy
Sen ýatyrsyň süýjäp bedenim saňa zardy
Men bolsa synlap otyryn seni
Öňümde sen belki düýşüňde görýänsiň meni
Öňümi görýän seň bilen işlermiz edilen
Adymyz bellenen bu romana düşme sen howsala
Mende senden başga hiçkim ýok
Sen barada pikirim belki daşymdan görünenok
Elimden tut synlaýyn seni daşyňdan
Özümi göreýin gözüňde
Sypaýyn seniň başyňdan
Meň ýüregim seniň eliňde
Bu kilometrlar söýdürdi maňa seni beter
Bizem bir gün arzuwlarmyzyň yzyndan ýeters
Asmana bile galars seň eliňden turtaryn
Şol wagt maňa ýylgyr ýaňagyňdan öperin
Janym alyp gelýän gözleriňi unutmaryn hiç
Sen daşlaşsaňda menden duşuşarys iru-giç
Bolsada aramyzda uruşlar
Men seni söýmäni bes etmerin
Garaňkymda boldyň aýym men seň günüň bolsamam
Bala sen maňa taý bolarsyň bärik golaýlaşsaň
Synaglarymyzdan çykyp bile ýokary uçsak
Bagtly men bolaryn bir öyde men saňa duşsam
Aramyzda aralyk geler wagty ol daralyp
Gezýärin seni gabanyp hemişe
Ýüreklerimiz gepleşse
Gyzyl şerap bilen ornaşsak haýal saňa tarap ýakynlaşsam
Elimden tut synlaýyn seni daşyňdan
Özümi göreýin gözüňde
Sypaýyn seniň başyňdan
Meň ýüregim seniň eliňde

Curiosità sulla canzone Elimden Tut di Saint

Chi ha composto la canzone “Elimden Tut” di di Saint?
La canzone “Elimden Tut” di di Saint è stata composta da Annageldi Charyyev.

Canzoni più popolari di Saint

Altri artisti di Pop